Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe bir düýş gördüm. Elimde bir bölek galyň ýüpek mata bardy. Men Jennetde nirä gitmek islesem, ol mata şol ýere uçup barardy. Düýşümde ýene-de iki sany perişde meniň ýanyma gelip meni dowzaha alyp gitmek islediler. Emma olar başga bir perişde gabat geldiler. Ol: “Gorkma! Ony goýberiň!” diýdi.
"Soňra Hafsa meniň bu düýşlerimiň birini Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme aýdyp beripdir. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem: “Abdulla, nähili gowy adam! Käşgä ol gijelerine namazam okasady!” diýipdir.
Şondan soň Abdulla hemişe gijelerine namaz okardy.
"
Sahabalar Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme gadyr gijesiniň Remezan aýynyň ýigrimi ýedinji gijesine gabat gelýändigi hakyndaky gören düýşlerini aýdyp bererdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Men siziň düýşleriňiziň (Remezan aýynyň) soňky on gijesine gabat gelýändigini görýärin. Şonuň üçin kim gadyr gijesini gözleýän bolsa, Remezanyň soňky on gününiň içinden gözlesin!”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýassy namazyny okady. Soňra ýene sekiz rekagat namaz okady. Iki rekagadyny oturyp okady. Soňra (ertir namazynyň) azany bilen kamatynyň arasynda iki rekagat (sünnet) namazyny okady we bu iki rekagaty hiç haçan terk etmedi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okandan soňra sag tarapyna gyşaryp ýatardy”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okandan soň eger men oýa bolsam, meniň bilen gürleşerdi. Eger men uklap ýatan bolsam, onda tä, azan aýdylýança ýatardy”.
"Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Kurandan bir süre öwredişi ýaly bize ähli işlerimizde istihara etmekligi öwrederdi we şeýle diýerdi: “Sizden biriňiz bir zat etmek islese, parz namazyndan başga iki rekagat namaz okasyn, soňra şeýle (doga-dileg) etsin:
“Allahummä inni ästähirukä bi’ilmikä wä ästäkdirukä bikudrätikä wä äsälukä min fadlikäl-‘azym. Fäinnäkä täkdiru wälä äkdiru wä tä’alämu wälä ä’alämu wä äntä ‘Allämul guýub. Allahummä iň kuntä tä’alämu ännä häzäl ämro hoýrun li fi dini wä mä’aşi wä ‘akibäti ämri ( äw: ‘Ajili ämri äw äjilihi) fäkdurhu li wä ýässurhu li summä bärik li fihi, wä iň kuntä tä’alämu ännä häzäl ämro şärrun li fi dini wä mä’aşi wä ‘akibäti ämri ( äw: ‘Ajili ämri äw äjilihi) fäsrifhu ‘anni wäsrifni ‘anhu wäkdurliýäl-hoýrä häýsu känä summä ärdyni bihi ”. – Şondan soň isleýän zadyny aýtsyn.
(Allahym! Seniň hemme zady bilýändigiň üçin maňa nämäniň haýyrly boljagyny bildirmekligiňi we gudratyňdan meni hem kuwwatlandyrmagyňy soraýaryn. Men Seniň beýik fazly-keremiňden dileýärin. Çünki Seniň güýjüň hemme zada ýeter, meniňki ýetmez. Sen hemme zady bilýänsiň, men bilmeýärin. Sen ähli gaýyp zatlary hem bilýänsiň. Allahym! Eger-de, bu meseläniň dinim üçin, durmuşym we ahyretim üçin haýyrly boljakdygyny bilýän bolsaň (ýa-da häzir ýa-da geljekde haýyrly boljagyny bilýän bolsaň), onda muny maňa nesip etdirip maňa aňsatlaşdyr we ony maňa mübärek et! Eger-de, bu işiň, meseläň dinim üçin, durmuşym we ahyretim üçin erbet boljakdygyny bilýän bolsaň (ýa-da häzir ýa-da geljekde erbet boljagyny bilýän bolsaň), onda ony menden, meni hem ondan daşlaşdyr. Haýyr nirede bolsa ony maňa nesip edeweri, soňra onuň bilen meni kanagatlandyryp, razy et)”.
"
Ebu Katada ibn Ryb‘y Ensarydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sizden biri mesjide giren wagty, iki rekagat namaz okaýança oturmasyn”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bize iki rekagat namaz okap berdi, soňra yzyna öwrülip gitdi”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen öýle namazyndan öň iki rekagat, öýle namazyndan soňam iki rekagat, Juma namazyndan soň iki rekagat, agşam namazyndan soň iki rekagat we ýassy namazyndan soň hem iki rekagat (sünnet) namaz okadym”.