1176

31-nji bap

1176

31-nji bap

"Abdurrahman ibn Ebu Leýla şeýle diýipdir: “Sahabalaryň arasynda Ummu Häniden başga hiç kimiň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň guşluk namazyny okandygyny görmändir. Ummu Häni : “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgäni feth eden güni onuň öýüne girdi we suwa düşüp, sekiz rekagat namaz okady. Men hiç kimiň şolar ýaly ýeňil namaz okanyny görmedim. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de rukugyny we sejdesini doly ýerine ýetirdi” diýdi. "

حَدَّثَنَا آدَمُ، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ مُرَّةَ، قَالَ: سَمِعْتُ عَبْدَ الرَّحْمَنِ بْنَ أَبِي لَيْلَى، يَقُولُ: مَا حَدَّثَنَا أَحَدٌ، أَنَّهُ رَأَى النَّبِيَّ ﷺ يُصَلِّي الضُّحَى غَيْرُ أُمِّ هَانِئٍ فَإِنَّهَا قَالَتْ: «إِنَّ النَّبِيَّ ﷺ دَخَلَ بَيْتَهَا يَوْمَ فَتْحِ مَكَّةَ، فَاغْتَسَلَ وَصَلَّى ثَمَانِيَ رَكَعَاتٍ، فَلَمْ أَرَ صَلاَةً قَطُّ أَخَفَّ مِنْهَا، غَيْرَ أَنَّهُ يُتِمُّ الرُّكُوعَ وَالسُّجُودَ».

Salgylanma:

• Ummu Häni – bu aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň pylan kakasy Ebu Talybyň gyzy Fahita bint Edu Talypdyr. Ummu Häni onuň lakamydyr.

1177

32-nji bap

1177

32-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men hiç haçan Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň guşluk namazyny okanyny görmedim, ýöne men ony hemişe okaýaryn”.

حَدَّثَنَا آدَمُ، قَالَ: حَدَّثَنَا ابْنُ أَبِي ذِئْبٍ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، عَنْ عُرْوَةَ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: مَا رَأَيْتُ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ سَبَّحَ سُبْحَةَ الضُّحَى وَإِنِّي لَأُسَبِّحُهَا.

1178

33-nji bap

1178

33-nji bap

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Halilim (söýgüli dostum Resulullah sallallahu aleýhi wesellem) maňa her aýda üç gün agyz beklemegi, guşluk namazyny okamagy hem-de witr namazyny okap ýatmagy wesýet etdi”.

حَدَّثَنَا مُسْلِمُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، أَخْبَرَنَا شُعْبَةُ، حَدَّثَنَا عَبَّاسٌ الجُرَيْرِيُّ هُوَ ابْنُ فَرُّوخَ، عَنْ أَبِي عُثْمَانَ النَّهْدِيِّ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: أَوْصَانِي خَلِيلِي بِثَلاَثٍ لاَ أَدَعُهُنَّ حَتَّى أَمُوتَ: «صَوْمِ ثَلاَثَةِ أَيَّامٍ مِنْ كُلِّ شَهْرٍ، وَصَلاَةِ الضُّحَى، وَنَوْمٍ عَلَى وِتْرٍ».

1179

33-nji bap

1179

33-nji bap

"Enes ibn Sirinden rowaýat edilmegine görä, ol “Men Enes ibn Mäligiň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir: “(Bir gezek) Ensarylardan bir semiz adam (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme): “Ýa Resulallah, men Seniň bilen namaz okamaga gelip bilmeýärin” diýdi. Soňra (bir gün) ol adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçin nahar bişirip, Ony öýüne çagyrdy we Onuň üçin bir boýranyň bir tarapyna suw sepip düşäp goýdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň üstünde iki rekagat namaz okady”. Al-Jarud (tiresinden) bir adam Enesden: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem guşluk (duha) namazyny okardymy?” diýip soranda, Enes: “Şol günden başga, Onuň şeýle bir namaz okanyny görmedim” diýdi. "

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ الجَعْدِ، أَخْبَرَنَا شُعْبَةُ، عَنْ أَنَسِ بْنِ سِيرِينَ، قَالَ: سَمِعْتُ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ الأَنْصَارِيَّ، قَالَ: قَالَ رَجُلٌ مِنَ الأَنْصَارِ - وَكَانَ ضَخْمًا - لِلنَّبِيِّ ﷺ: إِنِّي لاَ أَسْتَطِيعُ الصَّلاَةَ مَعَكَ، فَصَنَعَ لِلنَّبِيِّ ﷺ طَعَامًا، فَدَعَاهُ إِلَى بَيْتِهِ وَنَضَحَ لَهُ طَرَفَ حَصِيرٍ بِمَاءٍ، «فَصَلَّى عَلَيْهِ رَكْعَتَيْنِ» وَقَالَ فُلاَنُ بْنُ فُلاَنِ بْنِ جَارُودٍ لِأَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَكَانَ النَّبِيُّ ﷺ يُصَلِّي الضُّحَى؟ فَقَالَ: «مَا رَأَيْتُهُ صَلَّى غَيْرَ ذَلِكَ اليَوْمِ».

1180

34-nji bap

1180

34-nji bap

"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden on rekagat namazy belläp galdym: Öýle namazyndan öňki iki rekagat, ondan soňky ýene iki rekagat, agşam namazyndan soňky öýünde okaýan iki rekagaty, ýassy namazyndan soňky öýünde okaýan iki rekagaty we ertir namazyndan öňki iki rekagat”. Şol wagt (ýagny ertir namazyndan öň) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna girilmeýän bir wagtdy. "

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا حَمَّادُ بْنُ زَيْدٍ، عَنْ أَيُّوبَ، عَنْ نَافِعٍ، عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: «حَفِظْتُ مِنَ النَّبِيِّ ﷺ عَشْرَ رَكَعَاتٍ رَكْعَتَيْنِ قَبْلَ الظُّهْرِ، وَرَكْعَتَيْنِ بَعْدَهَا، وَرَكْعَتَيْنِ بَعْدَ المَغْرِبِ فِي بَيْتِهِ، وَرَكْعَتَيْنِ بَعْدَ العِشَاءِ فِي بَيْتِهِ، وَرَكْعَتَيْنِ قَبْلَ صَلاَةِ الصُّبْحِ». وَكَانَتْ سَاعَةً لاَ يُدْخَلُ عَلَى النَّبِيِّ ﷺ فِيهَا.

1181

34-nji bap

1181

34-nji bap

Hafsa maňa şeýle habar berdi: “Haçanda azançy azan aýdanda we daň atanda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki rekagat namaz okardy”.

حَدَّثَتْنِي حَفْصَةُ: «أَنَّهُ كَانَ إِذَا أَذَّنَ المُؤَذِّنُ وَطَلَعَ الفَجْرُ صَلَّى رَكْعَتَيْنِ».

Salgylanma:

• Ibn Omara (Allah olardan razy bolsun)

1182

34-nji bap

1182

34-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýle namazyndan öň dört rekagat we ertir namazyndan öň iki rekagat (sünnet) namazyny hiç haçan terk etmezdi”.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا يَحْيَى، عَنْ شُعْبَةَ، عَنْ إِبْرَاهِيمَ بْنِ مُحَمَّدِ بْنِ المُنْتَشِرِ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا: «أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ كَانَ لاَ يَدَعُ أَرْبَعًا قَبْلَ الظُّهْرِ، وَرَكْعَتَيْنِ قَبْلَ الغَدَاةِ» تَابَعَهُ ابْنُ أَبِي عَدِيٍّ، وَعَمْرٌو، عَنْ شُعْبَةَ.

1183

35-nji bap

1183

35-nji bap

Abdulla El-Muzaniden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üç gezek: “Agşam namazyndan öň namaz okaň!” diýip gaýtalady. Üçünji gezeginde: “Islän adam okasyn!” diýdi. (Muny aýtmaklygynyň sebäbi) adamlaryň ony hökman okamaly sünnet namazyndan hasaplamaklaryny islemedi”.

حَدَّثَنَا أَبُو مَعْمَرٍ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَارِثِ، عَنِ الحُسَيْنِ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ بُرَيْدَةَ، قَالَ: حَدَّثَنِي عَبْدُ اللَّهِ المُزَنِيُّ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «صَلُّوا قَبْلَ صَلاَةِ المَغْرِبِ»، قَالَ: فِي الثَّالِثَةِ « لِمَنْ شَاءَ» كَرَاهِيَةَ أَنْ يَتَّخِذَهَا النَّاسُ سُنَّةً.

Salgylanma:

• Agşamdan öň iki rekagat sünnet namazy

1184

35-nji bap

1184

35-nji bap

Marsad ibn Abdulla El-Ýezeni şeýle diýipdir: ‘Ukba ibn ‘Amir El-Juhaniniň ýanyna bardym-da: “Ebu Temimiň agşam namazyndan öň iki rekagat namaz okaýandygy seni geň galdyrmaýarmy?” diýip soradym. ‘Ukbah: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe bizem okardyk” diýdi. Men ondan: “Indi, seni näme saklaýar?” diýip soradym. Ol: “Iş-güýç” diýip jogap berdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يَزِيدَ هُوَ المُقْرِئُ، قَالَ: حَدَّثَنَا سَعِيدُ بْنُ أَبِي أَيُّوبَ، قَالَ: حَدَّثَنِي يَزِيدُ بْنُ أَبِي حَبِيبٍ، قَالَ: سَمِعْتُ مَرْثَدَ بْنَ عَبْدِ اللَّهِ اليَزَنِيَّ، قَالَ: أَتَيْتُ عُقْبَةَ بْنَ عَامِرٍ الجُهَنِيَّ، فَقُلْتُ: أَلاَ أُعْجِبُكَ مِنْ أَبِي تَمِيمٍ يَرْكَعُ رَكْعَتَيْنِ قَبْلَ صَلاَةِ المَغْرِبِ؟ فَقَالَ عُقْبَةُ: «إِنَّا كُنَّا نَفْعَلُهُ عَلَى عَهْدِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ»، قُلْتُ: فَمَا يَمْنَعُكَ الآنَ؟ قَالَ: «الشُّغْلُ».

1185

36-nji bap

1185

36-nji bap

Mahmud ibn Rabi’ El-Ensarynyň habar bermegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem olaryň howlusyndaky guýudan agzyna suw alyp, onuň ýüzüne pürküşi, (henizem) onuň ýadyna düşýändigini aýdyp bererdi.

حَدَّثَنِي إِسْحَاقُ، حَدَّثَنَا يَعْقُوبُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، حَدَّثَنَا أَبِي، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، قَالَ: أَخْبَرَنِي مَحْمُودُ بْنُ الرَّبِيعِ الأَنْصَارِيُّ: أَنَّهُ عَقَلَ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ، وَعَقَلَ مَجَّةً مَجَّهَا فِي وَجْهِهِ مِنْ بِئْرٍ كَانَتْ فِي دَارِهِمْ،