Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle habar beripdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem witr namazyny gijäniň islendik wagtynda okardy. (Ýassy namazynyň wagtyndan), säher wagtyna çenli dowam ederdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Onuň düşeginde keseligine süýnüp ýatyrkam-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (maňa tarap seredip), namaz okardy. Haçanda, Ol witr namazyny okajak bolanda, meni hem oýarardy, men hem turup, witr namazyny okardym”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle diýipdir: “Gije okaýan namazyňyzyň ahyrkysy witr bolsun!”.
Sa’yd ibn Ýasardan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gün Abdulla Ibn Omar bilen gije Mekgä barýan ýol bilen gidip barýardym. Sa’yd ýene-de şeýle diýdi: “Ertir namazynyň wagty girmeginden şübhelendim-de, düýeden düşüp witr namazyny okadym. Soňra Abdulla Ibn Omaryň yzyndan ýetdim. Abdulla Ibn Omar: “Nirede bolduň?” diýip sorady. Men: “Ertir namazynyň wagty girmeginden gorkdum-da, ýere düşüp witr namazymy okadym” diýdim. Abdulla Ibn Omar şonda: “Allahyň Resulynda seniň üçin gözel bir görelde ýokmy? diýdi. Men: “Wallahy, bardyr” diýdim. Abdulla: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem düýäniň üstünde oturan ýerinden-de witr namazyny okardy” diýdi”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem saparda wagtynda ulagynyň, ýagny münýän düýesiniň üstünde oturan ýerinde, düýesiniň haýsy tarapa öwrülenine garamazdan, namaz okardy. Parz namazlardan beýleki gije namazlaryny üm (ima) bilen okardy. Witr namazyny-da düýesiniň üstünde oturan ýerinde okardy”.
Muhammed ibn Sirinden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ertir namazynda kunut dogasyny okadymy?” diýip soradylar. Ol hem: “Hawa” diýdi. Ýene ondan: “Kunut dogasyny rukugdan öňürti okadymy?” diýip soradylar. Ol hem: “Az wagtlap ony rukugdan soň hem okady” diýip jogap berdi”.
Asymdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) kunut hakda soradym. Enes: “Kunut bardy” diýip jogap berdi. Men ýene: “Kunut rukugdan öňürti okalýardymy ýa-da soňra okalýardymy?” diýip soradym. Ol: “Öňürti okalýardy” diýdi. Asym ondan ýene-de: “Seniň kunut dogasynyň rukugdan soňra okalandygyny aýdanyňy pylany maňa habar berdi. (Muňa näme diýersiň)?” diýip sorady. Enes: “Ol ýalan aýdypdyr. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem rukugdan soň diňe bir aýlap kunut dogasyny okapdy. Ol takmynan ýetmiş kişiden ybarat “Kurra” diýip atlandyrylan topary bir müşrük kowumyň üstüne iberipdi. Bu topar san taýdan müşrüklerden az bolansoň, (olaryň elinden heläk bolupdy). Ýogsam müşrükler bilen Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň arasynda birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada şertnama-da baglaşylypdy. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bir aýlap şol müşrüklere garşy bet doga hökmünde kunut dogasyny okandygyny çak edýärin” diýip jogap berdi”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem rygl we zekwan tirelerine garşy bet doga hökmünde bir aýlap kunut dogasyny okapdy”.
Abdulla ibn Zeýtden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ýagmyr diläp) istiska namazyny okamak üçin namaz okalýan ýere çykdy we donuny ters ýüzüne çöwrüp geýdi”.