"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hassalygy agyrlaşyp, keseli has hem güýjän wagty, Ol meniň öýümde (hassalygyny geçirip, oňa) seredilmegi üçin beýleki aýallaryndan rugsat sorady we olaryň hemmesi hem muňa razy boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki adamyň, ýagny Abbasyň we ýene-de bir adamyň arasynda (olara ýapyşyp), aýaklaryny zordan ýerden süräp (öýden) çykdy.
‘Ubeýdulla men muny Abdulla ibn Abbasa habar berenimde, ol “Beýleki (ikinji) adamyň kimdigini bilýärsiňmi?” diýip sorady. Men “Ýok” diýdim. Ol maňa “(Ol adam) Aly ibn Ebu Talypdy (Allah ondan razy bolsun)” diýdi.
Aişa (llah ondan razy bolsun) şeýle diýerdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýüne girenden soň, onuň agyrylary hasam güýjedi”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Meniň üstümden heniz bagy çözülmedik ýedi tulum suw guýuň, belki, (ýeňläp) adamlara bir zatlar maslahat berip öwredip bilerin” diýdi.
(Aişa Allah ondan razy bolsun şeýle diýdi): “Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi aýaly Hafsanyň legeniniň içinde oturtdylar. Soňra “Indi bes ediň” diýip, yşarat edýança, biz onuň üstünden suw guýduk. Şondan soň ol adamlaryň ýanyna çykdy”."