"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aişa ýüzlenip: “Seniň kowumyň (kureýişliler) Käbäni guranlarynda (öňki) Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadyndan (bir bölegini goýup) gysgaldyp gurandyklaryny bilýäňmi?” diýdi. Men ondan: “Ýa Resulallah! Sen Käbäniň diwarlaryny (öňki) Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadyna gaýtaryp (täzeden gurjak) dälmi?” diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger-de, seniň kowumyň (imana girişi) kapyrlyk zamanyna ýakyn bolmadyk bolsady, men ony hökman ederdim” diýdi.
Abdulla (ibn Omar Allah olardan razy bolsun): “Men Aişanyň muny Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden eşidendigine şübhelenmeýärin, çünki men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Hijre ýakyn bolan ol iki burçyna elini degirmedigini (ýöne ýerden) däldigini bilýärin. Çünki Käbe Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýady esasynda gurulan däldir” diýdi."