Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Käbe (kureýişliler tarapyndan) gurulanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we (onuň pylan kakasy) Abbas daşy eginlerinde goýup daşaýardylar. Abbas Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme: “Izaryňy çykar-da, egniňde goý! (Şonda daşamak aňsat bolar)” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (izaryny çykaran badyna huşuny ýitirip), ýere ýykyldy we onuň iki gözi asmana dikilip galdy. “Meniň izarymy ber!” diýdi we ony alyp (biline) daňdy.