1354

79-nji bap

1354

79-nji bap

1354

79-nji bap

"Abdulla bin Omaryň (Allah olardan razy bolsun) habar bermegine görä, bir gün Omar (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we başga-da birnäçe adamlar bilen bilelikde Ibn Saýýadyň ýanyna gitdiler. Ibn Saýýad Benu Magala taýpasynyň daşdan gurulan galasynyň ýanynda oglanlar bilen oýnap ýörkä, onuň üstünden bardylar. Şol wagt (Ibn Saýýad) heniz kämillik ýaşyna ýetmändi. Ibn Saýýad tä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony eli bilen urýança olaryň gelenini duýmady. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Saýýada: “Meniň Allanyň Resulydygyma şaýatlyk edýärsiňmi?” diýip sorady. Ibn Saýýad oňa seredip: “Men seniň sowatsyzlaryň Resulydygyňa şaýatlyk edýärin!” diýdi. Ibn Saýýad Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme ýüzlenip: “Sen meniň Allanyň Resulydygyma şaýatlyk edýärsiňmi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň soragyna jogap bermekden ýüz öwürip: “Men Allaha we Onuň (hak) pygamberlerine iman etdim!” diýdi. Soňra (Ibn Saýýada): “Sen (düýşüňde) nämeler görýärsiň?” diýip sorady. Ibn Saýýad: “Käbirleri dogry bolup çykýar, käbirleri bolsa ýalan bolýar” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Seniň işiň bulaşdyrylypdyr” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Saýýada: “Men seniň üçin içimde bir zat gizledim (şony bil!)” diýdi. Ibni Seýýad: “Duh!..” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Lal bol! Çägiňden geçme!” diýdi. (Muny eşiden) Omar (Allah ondan razy bolsun): “Ýa Resulullah! Rugsat ber, onuň kellesini keseýin!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger ol, şol diýilýän adam bolsa, onda ony sen öldürmeli dälsiň we egerde ol diýilýän adam bolmasa, ony öldürmek seniň üçin hiç bir haýry degmez!” diýdi”."

حَدَّثَنَا عَبْدَانُ، أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، عَنْ يُونُسَ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنِي سَالِمُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، أَنَّ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، أَخْبَرَهُ أَنَّ عُمَرَ انْطَلَقَ مَعَ النَّبِيِّ ﷺ فِي رَهْطٍ قِبَلَ ابْنِ صَيَّادٍ، حَتَّى وَجَدُوهُ يَلْعَبُ مَعَ الصِّبْيَانِ عِنْدَ أُطُمِ بَنِي مَغَالَةَ، وَقَدْ قَارَبَ ابْنُ صَيَّادٍ الحُلُمَ، فَلَمْ يَشْعُرْ حَتَّى ضَرَبَ النَّبِيُّ ﷺ بِيَدِهِ، ثُمَّ قَالَ لِابْنِ صَيَّادٍ: «تَشْهَدُ أَنِّي رَسُولُ اللَّهِ؟»، فَنَظَرَ إِلَيْهِ ابْنُ صَيَّادٍ، فَقَالَ: أَشْهَدُ أَنَّكَ رَسُولُ الأُمِّيِّينَ، فَقَالَ ابْنُ صَيَّادٍ لِلنَّبِيِّ ﷺ: أَتَشْهَدُ أَنِّي رَسُولُ اللَّهِ؟ فَرَفَضَهُ وَقَالَ: «آمَنْتُ بِاللَّهِ وَبِرُسُلِهِ» فَقَالَ لَهُ: «مَاذَا تَرَى؟» قَالَ ابْنُ صَيَّادٍ: يَأْتِينِي صَادِقٌ وَكَاذِبٌ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «خُلِّطَ عَلَيْكَ الأَمْرُ» ثُمَّ قَالَ لَهُ النَّبِيُّ ﷺ: «إِنِّي قَدْ خَبَأْتُ لَكَ خَبِيئًا» فَقَالَ ابْنُ صَيَّادٍ: هُوَ الدُّخُّ، فَقَالَ: «اخْسَأْ، فَلَنْ تَعْدُوَ قَدْرَكَ»، فَقَالَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: دَعْنِي يَا رَسُولَ اللَّهِ أَضْرِبْ عُنُقَهُ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «إِنْ يَكُنْهُ فَلَنْ تُسَلَّطَ عَلَيْهِ، وَإِنْ لَمْ يَكُنْهُ فَلاَ خَيْرَ لَكَ فِي قَتْلِهِ«.

Salgylanma:

” •Ibn Saýýad Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň geljekde dejjal boljaklygyna ýa-da däldigine şübhelenýän adamsy. • Araplary göz öňüne tutup aýdypdyr. • Ýagny gören düýşiniň käbiri dogry käbir ýalan bolýar, diýdi. • Ýagny şeýtan bulaşdyrypdyr, diýdi. • Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem içinde “Duhan” diýen sözi belläpdi. Ibn Saýýad ol sözi dolulygyna aýdyp bilmän diňe “Dyh…” diýip ýarysyny bilmegi başardy. Onuň şeýtany doly habar berip bilmedi. Hakykatdanam, dejjal bolsa.”