1304

44-nji bap

1304

44-nji bap

1304

44-nji bap

"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda Sa’d ibni ‘Ubada hassa bolup ýatyrka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Abdurraman ibn ‘Auwf, Sa’d ibn Ebu Wakkas we Abdulla ibn Mes’ud (Allah olardan razy bolsun) bilen bilelikde, Sa’d ibni ‘Ubadany soramaga geldiler. Onuň ýanyna giren wagty, daş töwereginde hossarlarynyň oturandygyny görüp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol eýýäm amanadyny tabşyrdymy?” diýip sorady. Olar: “Ýok, ýa Resulullah!” diýdiler. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony görüp aglady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aglaýşyny gören sahabalar hem aglamaga durdylar. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Eýsem, siz eşitmeýärsiňizmi näme?! Elbetde Allah, gözlerden akan ýaş üçin we ýüregiň hasraty üçin azap berýän däldir. Azap berse-de rehim etse-de şu sebäplidir” diýip, dilini görkezdi. Elbetde, merhumyň hossarlarynyň aglamaklary sebäpli, oňa azap berilýändir!” Omar radyýallahu ‘anhu (merhum üçin ses edip aglaýanlary) taýak bilen urardy, daş atardy we olara toprak seçerdi."

حَدَّثَنَا أَصْبَغُ، عَنِ ابْنِ وَهْبٍ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عَمْرٌو، عَنْ سَعِيدِ بْنِ الحَارِثِ الأَنْصَارِيِّ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: اشْتَكَى سَعْدُ بْنُ عُبَادَةَ شَكْوَى لَهُ، فَأَتَاهُ النَّبِيُّ ﷺ يَعُودُهُ مَعَ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ عَوْفٍ، وَسَعْدِ بْنِ أَبِي وَقَّاصٍ، وَعَبْدِ اللَّهِ بْنِ مَسْعُودٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ، فَلَمَّا دَخَلَ عَلَيْهِ فَوَجَدَهُ فِي غَاشِيَةِ أَهْلِهِ، فَقَالَ: «قَدْ قَضَى» قَالُوا: لاَ يَا رَسُولَ اللَّهِ، فَبَكَى النَّبِيُّ ﷺ، فَلَمَّا رَأَى القَوْمُ بُكَاءَ النَّبِيِّ ﷺ بَكَوْا، فَقَالَ: «أَلاَ تَسْمَعُونَ إِنَّ اللَّهَ لاَ يُعَذِّبُ بِدَمْعِ العَيْنِ، وَلاَ بِحُزْنِ القَلْبِ، وَلَكِنْ يُعَذِّبُ بِهَذَا - وَأَشَارَ إِلَى لِسَانِهِ - أَوْ يَرْحَمُ، وَإِنَّ المَيِّتَ يُعَذَّبُ بِبُكَاءِ أَهْلِهِ عَلَيْهِ»، وَكَانَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: «يَضْرِبُ فِيهِ بِالعَصَا، وَيَرْمِي بِالحِجَارَةِ، وَيَحْثِي بِالتُّرَابِ».