"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Zeýd ibn Harisiň, Ja‘faryň we Abdulla ibn Rowahanyň şehid edilendigi hakyndaky habar gelende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem dik duran ýerinden aşak oturdy we onuň gamlanyp, gaýga batanlygy görünýärdi. Men şol wagt gapynyň boşlugyndan oňa seredip durdym.
Bir adam onuň ýanyna gelip: “Ja‘faryň aýallary...” diýip, olaryň (ses edip) aglaýyşlaryny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu wleýhi wesellem olara muny gadagan etmekligi ol gelen adama tabşyrdy. Ol adam gidip soňra yzyna gaýdyp geldi-de: “Gadagan etdim, ýöne olar maňa gulak asmadylar” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de oňa ikinji gezegem gadagan etmekligi tabşyrdy. Ol adam ýene-de gidip yzyna geldi-de: “Allahdan ant içýärin, olar menden (ýa-da bizden) üstün çykdylar, ýa Resulallah!” diýdi.
Aişa (enemiz): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň: “Onda olaryň agyzlaryna toprak seç!” diýendigini aýtdy. Aişa şeýle diýdi: “Men ol adama: “Allah seniň burnuňy ýerden süýresin! Sen ne özüňe buýrulan işi etdiň, ne-de Resulullah sallallahu wleýhi wesellemi gaýgylanyp durka, öz gününe goýduň!” diýdim”."