Kureýbiň aýtmagyna görä, Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) şeýle habar beripdir: “Bir gije (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly) daýzam Meýmunanyň ýanynda galdym. Men başymy bir ýassygyň inine goýup ýatdym. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bolsa aýaly bilen (ýerlerine geçip), başlaryny ýassygyň boýuna, goýup ýatdylar. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem takmynan gijäniň ýarymyna çenli (ýa-da şoňa golaýrak bir wagt) bolýança ýatdy. Soňra ukusyny ýüzünden süpürip oýandy-da, “Äli-Ymran” süresinden on aýat okady. Ondan soň turup, asylgy duran suwly tulumdan gowy edip täret aldy, soňra turup, namaz okamaga başlady. Menem turup edil şonuň ýaly etdim we Onuň çep tarapynda namaza durdum. Ol sag elini meniň kellämiň üstünde goýdy we sag gulagymdan tutup, (ýuwaşja) owkalady. Soňra iki rekagat namaz okady, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat namaz okady. Ondan soňra bir rekagat witr namazyny okady. Soňra azançy gelýänçä, geçip uzanyp ýatdy. Soňra (azançy gelenden soň) turup, iki rekagat namaz okady, Soňra çykyp, (mesjitde) Ertir namazyny okady”.