983

23-nji bap

983

23-nji bap

983

23-nji bap

"Bara ibn ‘Azybdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni, baýram namazyndan soň bize hutba okap şeýle diýdi: “Kimde kim biziň bu namazymyzy okap, ondan soňra biziň gurbanlyk edişimiz ýaly gurbanlygyny kesse, onda ol (gurbanlygyň sünnetine laýyk) iş etdigi bolar. Kimde-kim gurbanlygyny namazdan öň kesse, onda ol ýönekeý et üçin öldürilen bir goýun bolup (gurbanlyk bilen baglanşygy bolmaz we sogabyny gazanyp bilmez)”. (Muny eşiden) Ebu Burda ibn Niýar ýerinden turup: “Wallahy, ýa Resulallah, men gurbanlyk etjek malymy namaza çykmazdan öň kesdim. Bu günüň iýip-içilýän gündigini bildim-de, howlugyp gurbanlygymy kesdim we ondan özüm iýdim hem-de çagalaryma we goňşularyma berdim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Bu goýun et üçin öldürilen goýundyr” diýdi. Soňra Ebu Burda: “Ýa Resulallah, onuň ýaly bolsa, meniň heniz ýaşyny doldurmadyk bir urkaçy çebişim bar. Ol iki goýundan hem has gowy bolup görünýär. Onuň damagyny çalsam, meniň gurbanlygymyň ýerini tutup bilermi?” diýip sorady. Ol: “Hawa, bolar. Ýöne bu senden soňra hiç kimiň gurbanlygynyň ornuny tutup bilmez!” diýdi”. "

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو الأَحْوَصِ، قَالَ: حَدَّثَنَا مَنْصُورُ بْنُ المُعْتَمِرِ، عَنِ الشَّعْبِيِّ، عَنِ البَرَاءِ بْنِ عَازِبٍ، قَالَ: خَطَبَنَا رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يَوْمَ النَّحْرِ بَعْدَ الصَّلاَةِ، فَقَالَ: «مَنْ صَلَّى صَلاَتَنَا، وَنَسَكَ نُسْكَنَا، فَقَدْ أَصَابَ النُّسُكَ، وَمَنْ نَسَكَ قَبْلَ الصَّلاَةِ، فَتِلْكَ شَاةُ لَحْمٍ»، فَقَامَ أَبُو بُرْدَةَ بْنُ نِيَارٍ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، وَاللَّهِ لَقَدْ نَسَكْتُ قَبْلَ أَنْ أَخْرُجَ إِلَى الصَّلاَةِ، وَعَرَفْتُ أَنَّ اليَوْمَ يَوْمُ أَكْلٍ وَشُرْبٍ، فَتَعَجَّلْتُ، وَأَكَلْتُ، وَأَطْعَمْتُ أَهْلِي، وَجِيرَانِي فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ: «تِلْكَ شَاةُ لَحْمٍ» قَالَ: فَإِنَّ عِنْدِي عَنَاقَ جَذَعَةٍ هِيَ خَيْرٌ مِنْ شَاتَيْ لَحْمٍ، فَهَلْ تَجْزِي عَنِّي؟ قَالَ: «نَعَمْ، وَلَنْ تَجْزِيَ عَنْ أَحَدٍ بَعْدَكَ».