Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (mesjitde wagyz-nesihat edenden soň) çykyp, Bilal bilen bilelikde, aýdan zatlaryny eşiden däldir öýdüp, (aýallaryň ýanyna bardy). Olara wagyz-nesihat edip, sadaka bermeklerini emr etdi. Aýallar gulaklaryndaky gulakhalkalaryny, ýüzüklerini (çykaryp orta) zyňyp başladylar. Bilal bolsa olaryň (zyňan zatlaryny) eşiginiň etegine ýygnap başlady”.