"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen we Ebu Bekr, Omar, Osman dagylar bilen (Allah olardan razy bolsun) Remezan baýramyna gatnaşyp görüpdim. Olaryň hemmesi hem namazy hutbadan öňürti okardylar. Soňra hutba okalardy. (Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hutbadan soň çykyp, adamlaryň ýerlerinde oturmaklary üçin eli bilen yşarat edişi häzirem gözümiň öňünden gidenok. Soňra Ol Bilal bilen bilelikde erkekleriň hatarlardan geçip, aýallaryň ýanyna bardy we olara şu aýaty okady:
“Eý pygamber! Eger mu’min aýallar (seniň ýanyňa) Allaha hiç hili şärik goşmajakdyklaryna, ogurlyk etmejekdiklerine, zyna etmejekdiklerine, çagalaryny öldürmejekdiklerine, elleri bilen aýaklarynyň arasynda (eden işlerinde) ýalan ýere (başgasyndan dogan ýa-da özüniň binika dogran çagasyny nikaly ärinden bolan diýip) töhmet atmajakdyklaryna, haýyr işlerde saňa garşy gelmejekdiklerine (söz berip) ähti-peýmana gelenlerinde, sen olaryň ähti-peýmanlaryny kabul et” {Mumtahina: 12}.
Bu aýaty okap bolandan soň aýallardan: “Siz bu ähti-peýmanyňyzda durýaňyzmy?” diýip sorady. Içlerinde kimdigi näbelli bolan diňe bir aýal “Hawa” diýip jogap berdi. Ondan başga hiç kim jogap bermedi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onda sadaka beriň!” diýdi. Bilal eşigini ýazyp olara: “Boluň! Enem-atam size gurban bolsun!” diýdi. Aýallar hem ýüzüklerini we halkalaryny Bilalyň eşiginiň üstüne atyp başladylar”.
"