Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz aýallara baýram günleri namaz okalýan ýerlere çykmak emr edilerdi. Perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlara çenli, hatda, aýbaşysy gelýän aýal-gyzlara çenli (baýram namazyna gatnaşmak üçin olary öýlerinden) çykarmaklyga emr edilerdik. Olar erkekleriň arka tarapynda durardylar. Olaryň tekbirlerine uýup tekbir alardylar, şol günüň bereketini we (günälerden) päklenmegi umyt edip, olaryň edýän dogalaryna goşulardylar”.