Ebu Burda kakasy Ebu Musa El-Aş’arydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sogaplary iki esseden ýazylýan üç hili adam bardyr, olaryň (birinjisi): Ähli kitapdan (ýewreý we hristiýanlardan) bolup, öz pygamberine hem-de Muhammed (sallallahu aleýhi weselleme) iman eden adam. (Ikinjisi) Allahyň hakyny we hojaýynynyň hakyny berjaý eden gul. (Üçünjisi bolsa) gyrnagy bar bolup, ony gowy terbiýeläp we oňa gowy ylym berip, soňra hem ony azat edip, oňa öýlenen adam. Onuň üçin hem iki esse sogap bolar”.