"Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turup, namaz okamaga başlady. Ondansoňra adamlara hutba okady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hutba okap bolandan soň, (duran ýerinden) aşak düşdi we aýallaryň ýanyna geldi. Bilalyň eline daýanyp, zenanlara wagyz etmäge başlady. Bilal donuny açyp goýdy, zenanlar bolsa onuň içine sadakalaryny atyp başladylar”.
(Bu hadysy rowaýat eden Ibn Jureýj bir gezek) ‘Ata ibn Ebu Rabaha ýüzlenip: “Şu günki günlerde-de, ymam (hutbany) okap bolandan soň, aýallaryň ýanyna baryp, olara wagyz etmekligini sen wajyp hasaplaýarsyňmy? diýip sorapdyr. ‘Ata oňa: “Bu olaryň borjudyr. Näme üçindir olar beýle etmeýärler? diýip jogap berdi”.
"