"Bara ibn ‘Azybdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni, baýram namazyndan soň bize hutba okap şeýle diýdi: “Kimde kim biziň bu namazymyzy okap, ondan soňra biziň gurbanlygymyzy kesse, onda ol (gurbanlygyň sünnetine laýyk) iş etdigi bolar. Kimde-kim gurbanlygyny namazdan öň kesse, namazdan öň kesileni üçin gurbanlygyň ýerine geçmez (we ol gurbanlyk sogabyny gazanyp bilmez)”.
(Muny eşidip) Bara ibn ‘Azybyň daýysy Ebu Burda ibn Niýar: “Ýa Resulallah, men gurbanlyk etjek goýunymy namazdan öň kesdim. Men bu günüň iýilip-içilýän gündigini bildim-de, meniň goýunymyň öýümde damagy çalynan ilkinji goýun bolmagyny isledim. Şol sebäpli hem goýunymyň damagyny çalyp, namaza gelmezimden ozal onuň etinden ertirlik naharyny edindim” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Seniň bu goýunyň diňe et üçin öldürilen goýundyr” diýdi. Soňra Ebu Burda: “Ýa Resulallah, onuň ýaly bolsa, biziň heniz ýaşyny doldurmadyk bir urkaçy çebişimiz bar. Ol meniň gözüme iki goýundan hem has gowy bolup görünýär. Onuň damagyny çalsam, meniň gurbanlygymyň ýerini tutup bilermi?” diýip sorady. Ol: “Hawa, bolar. Ýöne bu senden soňra hiç kimiň gurbanlygynyň ornuny tutup bilmez!” diýdi”.
"