Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Ebu Bekr meniň ýanyma geldi. Şol wagt meniň ýanymda Ensarylardan iki sany gyz bardy. Olar Bu’as söweşinde Ensarylaryň biri-birlerine aýdýan sözlerini, aýdym edip, hiňlenip durdylar, aslynda olar aýdymçy hem däldiler. Ebu Bekr: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň öýünde bu şeýtan mizmarlary näme işleýär?” diýip gygyrdy. Şol gün baýram günleriniň biridi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem: “Eý, Ebu Bekr, her kowumyň öz baýramy bardyr we bu-da biziň baýramymyzdyr!” diýdi”.