Ýene-de Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ýene baýram günleriniň birinde, habaşiler galkanlary we naýzalary bilen oýun oýnaýardylar. Ýa meniň özüm Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rugsat soradym ýa-da Onuň özi menden: “Seredesiň gelýärmi?” diýip sorady. Men “Hawa” diýdim. Ol meni arka tarapynda ýaňagym ýaňagyna degäýjek derejedäki ýakynlykda aýak üstünde durzup, habeşilere-de: “Dowam ediň, eý, Benu Arfide ogullary!” diýdi. Olary synlap ýadanymdan soňra, Ol maňa: “Ýeterlik boldumy?” diýip sorady. Men “Hawa” diýdim. Ol: “Onuň ýaly bolsa, gidiber!” diýdi”.