"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ertir namazyny (Haýbaryň golaýynda) ala garaňkylykda okady, soňra atyna münüp: “Allahu Akbär! Haýbar harap boldy! “Haçanda biz bir kowumyň üstünden düşenimizde, duýduryş berlenleriň säherleri nähili erbet bolar!” diýdi.
Haýbaryň halky daşaryk çykyp, köçelerde ylgaşyp: “Muhammed, we onuň goşuny!” diýip gygyryşdylar. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem olary ýeňip üstün çykdy, (garşysyna) söweş edýänleri öldürdi we galan zürýatlaryny bolsa, ýesir aldy.
Safiýýa (binti Huýeý) ilki Dihýatul-Kelbiniň paýyna düşdi. Soňra ony Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem alyp, oňa öýlendi we onuň mähriniň (ýagny galyňynyň) ýerine, ony (gyrnaklykdan) azat etdi.
Abdulazyz Säbite ýüzlenip: “Eý, Ebu Muhammed, sen Enes ibn Mälikden oňa mähr hökmünde näme berlendigini soradyňmy?” diýip soranda, ol: “Onuň mähri, onuň özi (ýagny azatlygy) boldy diýip, ýylgyryp jogap berdi”.
"
“• Haýbar – şol wagt Medinede ýehudylaryň (ýewreýleriň) ýaşaýan ýerleri
• Soffät süresi – 177.
• Safiýýa bint Huýeý (Allah ondan razy bolsun) – Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, biziň hem enemizdir.
• Meşhur sahaba.
• Mähr – galyň
”