Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ahzab” söweşinden gaýdyp geleninden soň, bize ýüzlenip: “Hiç kim Benu Kureýze tiresiniň mekanyna barýança, ikindi namazyny okamasyn! ” diýdi. Ikindi namazynyň wagty girende käbirleri heniz ýolda-dy. Sahabalaryň käbirleri: “Biz ol ýere barýançak namaz okamarys” diýseler, käbirleri-de: “Ýok, biz (bu ýerde) okarys. Bizden islenilen zat bu diýeniňiz däldir!” diýdiler. Soňra bu işi Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme habar berdiler. Ol munuň üçin olaryň hiç birine gaharlanmady”.
“• Benu Kureýze ýehudylaryň bir tiresi.
• Ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Benu Kureýze tiresiniň dönüklik edenlikleri üçin olaryň üstüne çozuş etdi.
”