Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem Juma gününden söz açyp şeýle diýdi: “Şol günde belli bir sagat bardyr. Allahyň bir musulman guly namaz okap durka şol sagada gabat gelip, Allah Tagaladan bir zat dilese, Ol hökman onuň dilän zadyny berer”. Ol bu sagadyň gaty gysgadygyny görkezmek üçin, eli bilen yşarat edip görkezdi.”
“• Bu ýerde sagat sözünden maksat az bir wagt bardyr diýmekdir. Edýän doga-dilegleriň şol sagada gabat gelse, hökman kabul bolýandyr.
• Şol sagatda namazda bolmagyň şert däldir. Çünki namaza garaşyp oturan adam hem namazda ýaly hasap edilýändir.
”