Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gijäniň ýarymynda öýden çykyp, mesjitde namaz okady. Käbir adamlar Oňa uýup namaz okadylar. Olar irden daň atandan soň bu hakda beýlekilere-de habar berdiler. Şol gije adamlar has hem köpelip, Oňa uýup namaz okadylar. Irden daň atandan soň ýene-de bu hakda beýlekilere-de habar berip başladylar. Üçünji gije mesjidiň adamlary has hem köpeldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de çykyp namaz okady, adamlar hem Oňa uýup namaz okadylar. Dördünji gije bolanda adamlar köpelip mesjide sygman başlady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol gije öýünden çykmady). Ol irden ertir namazyny okamaga çykdy. Ertir namazyny okap bolandan soň adamlara tarap öwrülip: Kelimeý-şehadaty getirenden soň, “Emma ba’du” diýip, şeýle diýdi: “Men düýn agşam siziň şu ýerde jemleneniňizi bilýärdim, ýöne size gije namazynyň parz edilmeginden, siziň hem ony ýerine ýetirip bilmejegiňizden gorkup çykmadym!” diýdi.