Ebu Hazim ibn Dinäryň habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek birnäçe adamlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň münberiniň haýsy agaçdan ýasalandygy barada jedelleşdiler. Soňra olar bu barada Sähl ibn Sa’ddan (Allah ondan razy bolsyn) soranlarynda, ol şeýle diýipdir: “Wallahy, men onuň nämeden ýasalandygyny örän gowy bilýän. Men onuň ilkinji gezek ýerinde goýulan gününi-de, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň onuň üstüne çykyp ilkinji gezek oturan gününi-de görüpdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ensarylardan pylan aýalyň ýanyna (Sähl ol aýalyň adyny hem aýdypdy) bir adam ugradyp: “Agaç ussaçylygyny edýän guluňa aýt. Goý, ol meniň üçin adamlara ýüzlenip bir zat aýdanymda üstüne çykyp aýdar ýaly agaçdan bir zat ýasap bersin!” diýdi. Ol aýal guluna buýruk berdi. Ol hem ony Gabanyň ýylgynlaryndan ýasap, getirdi. Ol aýal ony Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme iberdi. Soňra ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buýrugy bilen ine, şu ýerde goýuldy. Soňra men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň onuň üstüne çykyp namaz okandygyny gördüm. Ol münberde duran ýerinden tekbir aldy, soňra ýene şol ýerde-de rukuga gitdi. Soňra yzlygyna ýöräp, (münberden aşak düşüp), münberiň düýbündäki ýere sejde etdi. Soňra ýene-de münbere mündi. Namaz okap bolandan soň adamlara tarap öwrülip: “Adamlar! Men bu gören zatlaryňyzy maňa uýarsyňyz we meniň namaz okaýşymy öwrenersiňiz diýip şeýtdim!” diýdi”.