914

23-nji bap

914

23-nji bap

914

23-nji bap

Ebu Umama ibn Sähl ibn Huneýfden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Mu’awiýa ibn Ebu Sufýan (Allah olardan razy bolsun) juma günleriniň birinde münbere çykyp oturan eken. Azançy: “Allahu Akbär! Allahu Akbär!” diýende, Mu’awiýe hem: “Allahu Akbär! Allahu Akbär!” diýipdir. Azançy: “Äşhädu ällä ilähä illallah!” diýende, Mu’awiýe: “Wä änä!” (ýagny, muňa menem şaýatlyk edýärin!) diýipdir. Azançy: “Äşhädu ännä Muhammädän Resululläh!” diýende, Mu’awiýa ýene: “Wä änä!” diýipdir. Azançy azan aýdyp bolandan soň Mu’awiýa adamlara ýüzlenip: “Adamlar! Men Allahyň Resulynyň bu ýerde (ýagny münberiň üstünde) oturyp, azançy azan aýdanda, menden eşiden şu sözleriňizi aýdandygyny eşidipdim!” diýipdir”.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ مُقَاتِلٍ، قَالَ: أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا أَبُو بَكْرِ بْنُ عُثْمَانَ بْنِ سَهْلِ بْنِ حُنَيْفٍ، عَنْ أَبِي أُمَامَةَ بْنِ سَهْلِ بْنِ حُنَيْفٍ، قَالَ: سَمِعْتُ مُعَاوِيَةَ بْنَ أَبِي سُفْيَانَ، وَهُوَ جَالِسٌ عَلَى المِنْبَرِ، أَذَّنَ المُؤَذِّنُ، قَالَ: اللَّهُ أَكْبَرُ اللَّهُ أَكْبَرُ، قَالَ مُعَاوِيَةُ: «اللَّهُ أَكْبَرُ اللَّهُ أَكْبَرُ»، قَالَ: أَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلَّا اللَّهُ، فَقَالَ مُعَاوِيَةُ: «وَأَنَا»، فَقَالَ: أَشْهَدُ أَنَّ مُحَمَّدًا رَسُولُ اللَّهِ، فَقَالَ مُعَاوِيَةُ: «وَأَنَا»، فَلَمَّا أَنْ قَضَى التَّأْذِينَ، قَالَ: « يَا أَيُّهَا النَّاسُ، إِنِّي سَمِعْتُ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ عَلَى هَذَا المَجْلِسِ، حِينَ أَذَّنَ المُؤَذِّنُ، يَقُولُ مَا سَمِعْتُمْ مِنِّي مِنْ مَقَالَتِي «.