Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşitdim diýipdir: “Haçanda, namaza kamat aýdylanda, namaza tarap (howlugyp) ylgap-ylgap barmaň, rahatlygy elden bermäň, ýöräp geliň! (Ymam bilen) ýetişen ýeriňizi okaň, ýetişmedik ýeriňizi bolsa, (özbaşdak okap) tamamlaň!”