902

15-nji bap

902

15-nji bap

902

15-nji bap

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Juma günleri adamlar (Juma namazyny okamak üçin Medinä ýakyn) menzillerinden hem, Awaliden hem gelerdiler. Olar ala tozanyň içinden ýöräp gelendikleri sebäpli, toz-toprak we derleri ornan bedenlerinden deriň ysy gelerdi. Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meniň ýanymdaka, olardan biri Onuň ýanyna geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Käşgä şu günüňiz üçin bir ýuwunsadyňyz!” diýdi”.

حَدَّثَنَا أَحْمَدُ بْنُ صَالِحٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ وَهْبٍ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عَمْرُو بْنُ الحَارِثِ، عَنْ عُبَيْدِ اللَّهِ بْنِ أَبِي جَعْفَرٍ: أَنَّ مُحَمَّدَ بْنَ جَعْفَرِ بْنِ الزُّبَيْرِ، حَدَّثَهُ عَنْ عُرْوَةَ بْنِ الزُّبَيْرِ، عَنْ عَائِشَةَ، زَوْجِ النَّبِيِّ ﷺ، قَالَتْ: كَانَ النَّاسُ يَنْتَابُونَ يَوْمَ الجُمُعَةِ مِنْ مَنَازِلِهِمْ وَالعَوَالِيِّ، فَيَأْتُونَ فِي الغُبَارِ يُصِيبُهُمُ الغُبَارُ وَالعَرَقُ، فَيَخْرُجُ مِنْهُمُ العَرَقُ، فَأَتَى رَسُولَ اللَّهِ ﷺ إِنْسَانٌ مِنْهُمْ وَهُوَ عِنْدِي، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «لَوْ أَنَّكُمْ تَطَهَّرْتُمْ لِيَوْمِكُمْ هَذَا «

Salgylanma:

• Awali – Medineden 4-6 mil daşynda ýerleşýän bir ýer.