Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Biz Ähli-Kitap bilen deňeşdireniňde iň soňky gelenler bolup, Kyýamat gününde ilkinjilerden bolarys! Olara Kitap bizden öň berildi. Bize bolsa olardan soň berildi. Olaryň (bu barada) ylalaşman jedele ýüz uran günleri, şu Juma günüdir. Bize bolsa Allah bu babatda dogry ýoly görkezip, hidaýat etdi. Ýehudylaryň ybadat edýän günleri şu günüň ertesi günüdir. Hristiýanlaryňky bolsa birigünidir”. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) biraz gürlemän durdy.