Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek doganym) Abdurrahman ibn Ebu Bekr meniň ýanyma geldi, onuň elinde dişlerini arassalap ýören meswägi bardy. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem oňa seretdi. Men oňa: “Eý, Abdurrahman, şu meswägi maňa bersene!” diýdim. O-da ony maňa berdi. Men onuň (ulanylan ýerini) döwüp aýyrdym-da, soňra onuň ujuny çeýnäp, Resulullah sallallahu aleýhi weselleme berdim. Ol bolsa meniň döşüme ýassanyp, onuň bilen dişlerine arassalady.”