886

7-nji bap

886

7-nji bap

886

7-nji bap

"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Omar ibn Hattab mesjidiň gapysynda ýüpekden bir hülläniň satylyp durandygyny gördi. Ol: “Ýa Resulallah, sen muny satyn alyp, juma günleri we ýanyňa wekiller (ilçiler) gelende geýäýiň!” diýdi. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem oňa: “Muny ahyretden nesibi bolmaýan kişi geýer!” diýdi. Soňra bir gezek Pygamberimiz sallahu aleýhi weselleme şonuň ýaly birnäçe ýüpek hülleler geldi we olardan birini Omar ibn Hattaba bagyş etdi. Omar: “Ýa Resulallah! ‘Utaridiň hülleleri barada öň maňa aýtjagyňy aýtdyň, ýene-de maňa ol hülleden berdiň!” diýdi. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem şonda: “Muny saňa geýmek üçin bermedimä!” diýdi. Omar ibn Hattaba (Allah ondan razy bolsun) ol eşigi alyp, Mekgedäki bir müşrük doganyna berdi”. "

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ نَافِعٍ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ: أَنَّ عُمَرَ بْنَ الخَطَّابِ، رَأَى حُلَّةً سِيَرَاءَ عِنْدَ بَابِ المَسْجِدِ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ لَوِ اشْتَرَيْتَ هَذِهِ، فَلَبِسْتَهَا يَوْمَ الجُمُعَةِ وَلِلْوَفْدِ إِذَا قَدِمُوا عَلَيْكَ، فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ: «إِنَّمَا يَلْبَسُ هَذِهِ مَنْ لاَ خَلاَقَ لَهُ فِي الآخِرَةِ» ثُمَّ جَاءَتْ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ مِنْهَا حُلَلٌ، فَأَعْطَى عُمَرَ بْنَ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، مِنْهَا حُلَّةً، فَقَالَ عُمَرُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، كَسَوْتَنِيهَا وَقَدْ قُلْتَ فِي حُلَّةِ عُطَارِدٍ مَا قُلْتَ؟ قَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ: «إِنِّي لَمْ أَكْسُكَهَا لِتَلْبَسَهَا»، فَكَسَاهَا عُمَرُ بْنُ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ أَخًا لَهُ بِمَكَّةَ مُشْرِكًا.

Salgylanma:

“• Hadysda “Hulletun siýera” diýip gelýär, ýagny içinden çyzyk geçýän ýüpekden dokalan bir laý eşik. • ‘Utarid ibn Hajib “Benu Temim” tiresiniň baştutanydyr. ‘Utaridiň Pygamberimiz sallahu aleýhi weselleme beren sowgatlarynyň içinde ýüpek eşikler hem bardy. ”