Selman El-Farisiden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Juma güni gusul alyp, elinden geldigiçe arassalanyp, ulanýan ýaglaryndan çalnandan soň, ýa-da öýündäki bar bolan hoşboý ýakymly yslardan sürünenden soň, mesjide diýip çykyp, ýanaşyk oturan iki kişiniň arasyny açman, (aralaryna sokulup girmän), soňra-da Allah tarapyn özüne nesip edilen namazy okap, soňra-da ymam söze başlanyndan soň, sesini çykarman oturan her bir adamyň şol Juma bilen beýleki Jumanyň aralygynaky eden günäleri geçiler”.