Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Her kim Juma güni jenabatdan (ini haramlykdan) arassalanmak üçin adatça alynýan gusul täreti ýaly gusul alandan soňra, (Jumanyň) ilkinji sagadynda mesjide gitse, bir düýe gurban eden ýaly, ikinji sagadynda giden, bir sygyr gurban eden ýaly, üçünji sagadynda giden, şahlak bir goç gurban eden ýaly, dördünji sagadynda giden, bir towuk sadaka beren ýaly, bäşinji sagadynda giden adam bolsa, bir ýumurtga sadaka beren ýaly sogap gazanar. Ymam hutba okamaga çykanda-da, perişdeler zikri (ýagny hutbany) diňlemek üçin häzir bolarlar”.