"Ýahýa ibn Sa’ydyň ‘Amradan habar bermegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Eger-de Resulullah sallallahu aleýhi wesellem aýallaryň şu döwürdäki boluşlaryny (çenden aşa bezenişlerini) gören bolsady, Ysraýyl ogullarynyň aýallaryna gadagan edilişi ýaly, olara-da mesjidlere barmagy hökman gadagan ederdi”.
Ýahýa şeýle diýipdir: “Men Amradan “Ysraýyl ogullarynyň aýallaryna gadagan edilipdimi?” diýip soradym. Ol “Hawa” diýip jogap berdi”.
"
• Bu hadys aýallaryň mesjide gidenlerinde we islendik ýere gitjek bolup öýden çykanlarynda, bezenip-beslenip çykmaklaryny gadagan edýän hadysdyr. Aýallar öýlerinden çykanda, pitnelerden daş boljak bolmalydyr.