86

24-nji bap

86

24-nji bap

86

24-nji bap

"Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Aişanyň ýanyna bardym. Ol namaz okap duran eken. Men ondan “Bu adamlara näme bolýar?” diýip soradym. Ol Asmana yşarat edip: “Subhanallah!” diýdi. (Mesjide tarap seredip görsem) adamlar namaz okap duran eken. Men “Bu bir alamatmy?” diýdim. Ol kellesini ýaýkap: “Hawa” diýdi. Şondan soň menem namaza durdum. Men birden huşumy ýitirip, özümden gitjek boldum. Kelläme suw akdyryp başladym. Namazdan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allah Azza we Jellä hamdu-senalar aýdyp, soňundan şeýle diýdi: “Men (ýaňyja) şu duran ýerimde maňa öň hiç görkezilmedik zatlary gördüm, hatda Jennet bilen dowzahy hem gördüm. Şeýle hem Maňa gabyrlaryňyzda dejjalyň synagyna meňzeş ýa-da şoňa golaýrak bir synagdan geçjekdigiňiz barada wahy geldi. (Her bir ölen adamdan) “Bu adam, (ýagny Muhammed) hakda näme bilýärsiň?” diýip soralar. Imanly ýa-da (ynanjy bar bolan) adam “Bu Allahyň ilçisi Muhammetdir. Ol bize anyk subutnamalar we hidaýat (ýagny dogry ýol görkezmek üçin) geldi. Biz Oňa jogap berdik we yzyna eýerdik. Bu Muhammetdir” diýip, üç gezek gaýtalar. Soňra (perişdeler) oňa “Indi, sen arkaýyn dynç al-da ýatyber, çünki biz seniň Oňa berk ynanýadygyňa göz ýetirdik!” diýerler. Munafyk ýa-da (şübhesi bar bolan adam) bolsa “Men bilmedim, men diňe adamlaryň (ol hakda) bir zat aýdanyny eşitdim we menem şol bir zady gaýtaladym” diýip jogap berer”."

حَدَّثَنَا مُوسَى بْنُ إِسْمَاعِيلَ، قَالَ: حَدَّثَنَا وُهَيْبٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا هِشَامٌ، عَنْ فَاطِمَةَ، عَنْ أَسْمَاءَ، قَالَتْ : أَتَيْتُ عَائِشَةَ وَهِيَ تُصَلِّي فَقُلْتُ: مَا شَأْنُ النَّاسِ؟ فَأَشَارَتْ إِلَى السَّمَاءِ، فَإِذَا النَّاسُ قِيَامٌ، فَقَالَتْ : سُبْحَانَ اللَّهِ، قُلْتُ: آيَةٌ؟ فَأَشَارَتْ بِرَأْسِهَا: أَيْ نَعَمْ، فَقُمْتُ حَتَّى تَجَلَّانِي الغَشْيُ، فَجَعَلْتُ أَصُبُّ عَلَى رَأْسِي المَاءَ، فَحَمِدَ اللَّهَ عَزَّ وَجَلَّ النَّبِيُّ ﷺ وَأَثْنَى عَلَيْهِ، ثُمَّ قَالَ: مَا مِنْ شَيْءٍ لَمْ أَكُنْ أُرِيتُهُ إِلَّا رَأَيْتُهُ فِي مَقَامِي، حَتَّى الجَنَّةُ وَالنَّارُ، فَأُوحِيَ إِلَيَّ: أَنَّكُمْ تُفْتَنُونَ فِي قُبُورِكُمْ - مِثْلَ أَوْ - قَرِيبَ - لاَ أَدْرِي أَيَّ ذَلِكَ قَالَتْ أَسْمَاءُ - مِنْ فِتْنَةِ المَسِيحِ الدَّجَّالِ، يُقَالُ مَا عِلْمُكَ بِهَذَا الرَّجُلِ؟ فَأَمَّا المُؤْمِنُ أَوِ المُوقِنُ - لاَ أَدْرِي بِأَيِّهِمَا قَالَتْ أَسْمَاءُ فَيَقُولُ: هُوَ مُحَمَّدٌ رَسُولُ اللَّهِ، جَاءَنَا بِالْبَيِّنَاتِ وَالهُدَى، فَأَجَبْنَا وَاتَّبَعْنَا، هُوَ مُحَمَّدٌ ثَلاَثًا فَيُقَالُ : نَمْ صَالِحًا قَدْ عَلِمْنَا إِنْ كُنْتَ لَمُوقِنًا بِهِ. وَأَمَّا المُنَافِقُ أَوِ المُرْتَابُ - لاَ أَدْرِي أَيَّ ذَلِكَ قَالَتْ أَسْمَاءُ فَيَقُولُ: لاَ أَدْرِي سَمِعْتُ النَّاسَ يَقُولُونَ شَيْئًا فَقُلْتُهُ

Salgylanma:

• Bu waka gün tutulan wagty bolup geçipdi.