"Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen birlikde namaz okan wagtymyz : “Allahyň bendelerinden Allaha salam bolsun! Pylan, pylan (perişdelere) salam bolsun!)” diýerdik.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allaha salam bolsun!” diýmäň, çünki Salam Allahyň özüdir” diýdi. Siz şeýle diýip aýdyň diýdi: “Ettehiýýätu Lillähi wäsoläwätu wättoýýibät. Essalämu ‘aläýkä äýýuhän-näbiýýu wä rähmätullohi wä bäräkätuh. Essalämu ‘aläýnä wä ‘alä ‘ybädil-Lähissolihinä” (Ähli salamlar, salawatlar hem-de ähli gowulyklar Allaha mahsusdyr. Eý Pygamber! Allahyň salamy, rahmeti we berekedi saňa bolsun! Allahyň salamy bize we salyh gullaryna bolsun!).
Eger-de siz şu sözleri aýtsaňyz, bu sözler (Allahyň) gökdäki ähli gullaryny ýa-da asman bilen ýeriň arasyndaky ähli salyh gullaryny öz içine alar. Soňra hem: “Äşhädu ällä ilähä illallahu wä äşhädu ännä Muhammädän ‘abduhu wä räsuluh” diýip, yzyndan-da öz iň gowy görýän dogaňy saýlap alyp, dileg edip bolar” diýdi.
"