"Ebu Bekr Es-Syddykdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gün ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme ýüzlenip: “Ýa Resulullah! Maňa namazda dileg eder ýaly bir doga öwretsene” diýipdir. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Allahummä inni zolämtu näfsi zulmän käsiron, wälä ýägfiruz-zunubä illä Äntä, fägfirli magfirotän min ‘yndikä, wärhämni, innäkä Äntäl-Gafurur-Rahym” diýip aýt” diýipdir. (Allahym! Men özüme köp zulum etdim. Günäleri bagyşlajak hem diňe Sensiň. Öz huzuryňdaky (soňsuz) magfiretiň bilen meni bagyşla, maňa rehim et, çünki Sen günäleri geçiji Gafur we rehim ediji Rahymsyň).
"