832

149-nji bap

832

149-nji bap

832

149-nji bap

"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazda (ýagny, salam bermezden öň) şeýle doga ederdi: “Allahummä inni ‘auzu bikä min ‘azabil-kabri, wä ‘auzu bikä min fitnätil- mäsihid-däjjäli, wä ‘auzu bikä min fitnätil-mähýä, wä fitnätil-mämäti. Allahummä inni ‘auzu bikä minäl-mä’sämi wäl-mägromi” (Allahym! Men gabyr azabyndan Saňa sygynýaryn! Mesih Dejjalyň pitnesinden hem Saňa sygynýaryn! Ýaşaýşyň (durmuşyň) we ölümiň pitnelerinden (synaglaryndan) hem Saňa sygynýaryn! Allahym! Günä işlemekden we bergili bolmakdan hem Saňa sygynýaryn!). Biri ondan: “Bergili bolmakdan Allaha şeýle köp sygynmagyň sebäbi näme?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Bergä batan adam gürlände, ýalan sözlär, söz berse, sözünde durmaz” diýip jogap berdi”. "

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنَا عُرْوَةُ بْنُ الزُّبَيْرِ، عَنْ عَائِشَةَ، زَوْجِ النَّبِيِّ ﷺ، أَخْبَرَتْهُ: " أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ كَانَ يَدْعُو فِي الصَّلاَةِ: اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنْ عَذَابِ القَبْرِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ فِتْنَةِ المَسِيحِ الدَّجَّالِ، وَأَعُوذُ بِكَ مِنْ فِتْنَةِ المَحْيَا، وَفِتْنَةِ المَمَاتِ، اللَّهُمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِن المَأْثَمِ وَالمَغْرَمِ " فَقَالَ لَهُ قَائِلٌ: مَا أَكْثَرَ مَا تَسْتَعِيذُ مِنَ المَغْرَمِ، فَقَالَ: «إِنَّ الرَّجُلَ إِذَا غَرِمَ، حَدَّثَ فَكَذَبَ، وَوَعَدَ فَأَخْلَفَ «.