"Abdulla ibn (Mes’uddan, Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň yzynda durup namaz okan wagtlarymyz : “Essalämu ‘alä Jibrilä wä Mikäilä. Essalamu ‘alä fulänin wä fulänin” (Jebraýyla we Mikaýyla salam bolsun we pylan, pylan (perişdelere) salam bolsun) diýerdik.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize tarap öwrülip: “Salam Allahyň Özüdir. Şonuň üçin hem haýsyňyz namaz okan wagty: “Ettehiýýätu Lillähi wä-soläwätu wät-toýýibät. Essalämu ‘aläýkä äýýuhän-näbiýýu wä rähmätullohi wä bäräkätuh. Essalämu ‘aläýnä wä ‘alä ‘ybädil-Lähissolihinä” (Ähli salamlar we salawatlar hem-de ähli gowulyklar Allaha mahsusdyr. Eý Pygamber! Allahyň salamy, rahmeti we bereketi saňa bolsun! Allahyň salamy bize we salyh gullaryna bolsun!) diýsin”.
Sebäbi siz şu sözleri aýtsaňyz, Allahyň gökdäki we Ýerdäki ähli salyh gullaryny öz içine alar (ýagny, olara salam berdigiňiz bolar). Soňra hem: “Äşhädu ällä ilähä illallahu wä äşhädu ännä Muhammädän ‘abduhu wä räsuluh” (Şaýatlyk edýärin, Allahdan başga (ybadat etmäge mynasyp) hiç bir hudaý ýokdur we Muhammed Allahyň guly we resulydyr)” diýsin” diýdi.
"