"Ebu Kylabadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Mälik ibn Huweýris (Allah ondan razy bolsun) biziň şu mesjidimize gelip, biziň bilen namaz okady. Soňra ol: “Men siziň bilen namaz okamak islemesem-de, size namaz okap berjek. Men size Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýşyny görşüm ýaly, namaz okap görkezjek” diýdi.
Eýýub şeýle diýdi: “Men Ebu Kylabadan: “Ol nädip namaz okady?” diýip soranymda, ol: “Edil biziň şu şeýhimiziň, ýagny, ‘Amr ibn Selimeniň okaýşy ýaly” diýip jogap berdi”.
Soň Eýýub ýene-de şeýle diýdi: “Ol şeýh namaz okanda hemme tekbirleri aýdardy. Ikinji sejdeden başyny galdyrandan soň, azrak oturyp, soňra (eli bilen) ýere daýanyp ýerinden turardy”.
"