"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) adamlar: “Ýa Resulullah, Kyýamat gününde biz Robbumyzy görüp bilerismi?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Aýyň on dördi gijesi, synlamaga päsgel berýän hiç hili bulut ýok mahaly, Aýy görüp boljagy babatda şübhelenip bilersiňizmi? diýip, sorady. Olar: “Ýok, ýa Resulullah” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de olardan: “Ýa bolmasa, görmäge päsgel berip biljek hiç hili bulut ýok mahaly, Güni görüp boljagy babatda şübhelenip bilersiňizmi? diýip, sorady. Olar ýene-de: “Ýok, ýa Resulullah” diýenlerinden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Ine, siz Ony edil şonuň ýaly aýdyň görüp bilersiňiz. Kyýamat gününde ähli adamlar bir ýere toplanar. Ol: “Her kim nämä ybadat eden bolsa, şonuň yzyna düşsün” diýer. Şondan soň kim Günüň, kim Aýyň, kim hem tagutlaryň yzyna düşüp giderler. Diňe şu ymmat aralaryndaky munafyklary bilen birlikde ýerinde galar. Soňra Allah olaryň ýanyna gelip: “Men siziň Robbuňyzdyryn” diýer. Olar (Roblaryny öň görmedikleri üçin): “Robbumyz biziň ýanymyza gelýänçä, şu ýerden gymyldamarys. Robbumyz ýanymyza gelende, biz Ony tanarys” diýerler. Soňra Allah Tagala ýene-de olaryň ýanyna gelip: “Men siziň Robbuňyzdyryn” diýer. Olar hem: “Hawa, hakykatdanam, Sen biziň Robbumyzsyň” diýerler. Soňra olary çagyrar. Jähennemiň edil ortarasynda Syrat köprüsi gurular. Ähli Pygamberleriň içinde öz ymmatyny onuň üstünden ilki bolup geçirjek, men bolaryn. Şol gün gorky we aljyraňňylyk sebäpli, pygamberlerden başga hiç kim gepläp bilmezler. Şol gün pygamberleriň hem bar aýtjaklary: “Allahym! Halas et! Halas et!” diýen sözlerden ybarat bolar. Jähennemde sa'dan tikenlerine meňzeş gaňyrçaklar bardyr. Sa’dan tikenlerini göreniňiz barmy?” diýip sorady. Sahabalar: “Hawa, bar” diýdiler.
(Soňra sözüni dowam edip şeýle diýdi): “Ine, şol gaňyrçaklar edil sa’dan tikenlerine meňzäp durandyr. Ýöne welin olaryň ululygyny Allahdan başga hiç kim bilýän däldir. Şol gaňyrçaklar adamlary eden amallaryna görä gapyp alarlar. Kimi ýaramaz işleri sebäpli heläk bolar, kimi-de hardal ýaly ezim-ezim edilenden soňra halas bolarlar. (Iň soňunda) Allahyň jähennemdäkileriň ýalbarmalaryna rehim edip, perişdelere: “(Hiç hili şirk getirmän, ýalňyz) Allaha ybadat edenleri çykaryň” diýip emr eder. Perişdeler hem olary çykarar. Perişdeler olary sejdeleriň yzlaryndan tanar we şonuň esasynda olary dowzahdan çykararlar. Çünki, Allah sejdeleriň yzlaryny ýakyp ýok etmegi jähemnnem oduna haram edendir. Şonuň üçin hem Adam oglunyň hemme ýerini jähennem ody ýakyp-gowursa-da, diňe sejdeleriň yzylaryny ýok etmez.
Bular ataşda gowrulyp, gap-gara bolan hallarynda daşary çykarylar. Soňra üstlerinden aby-haýat (dirilik suwy) guýular-da, siliň geçýän ugurlarynda reýhan tohumlary nähili çalt gögerýän bolsalar, täzeden şonuň ýaly bolup gögererler. Soňra Allah gullarynyň işine seretmegi tamamlar. Şonda Jennet bilen jähennemiň arasynda ýüzi ataşa tarap bakyp duran bir kişi galar. Şol kişi jähennemiň ýaşaýjylaryndan Jennete girjekleriň iň soňkusy bolar. Ol adam: “Ýa Rob! Ýüzümi şu ataşdan öwüräý-dä, onuň ysy meni zäherläp öldürdi, ýalyny ýakyp-gowurdy” diýer. Allah oňa: “Seniň şu diýeniň edilse, şondan başga hiç zat dilemezmiň?” diýer. Ol hem: “Seniň yzzatyňdan ant içýärin, ýok dilemerin” diýip, ol Allahyň isleýşi ýaly Oňa äht edip, söz berip başlar. Soňra Allah onuň ýüzüni jähennemden, Jennete tarap öwrer. Ýüzüni Jennete tarap öwürende, Jennetiň gözelligini görer. Ol adam Allahyň isläniçe wagtlap dymyp duranyndan soňra: “Ýa Rob! Meni Jennetiň gapysyna ýakynlaşdyraý-da” diýer. Allah Tagala oňa: “Sen öňki islän zadyňdan başga hiç bir zat soramajakdygyňa äht edip, söz bermediňmi näme?” diýip, ony sözünde tutar. Ol hem: “Ýa Rob! Ýaradan mahluklaryň iň betbagty men bolmaýyn!” diýip ýalbarar. Şondan soň Allah Tagalada oňa: “Bu dilegiňi hem ýerine ýetirsem, başga hiç zat dilemezmiň?” diýer. Ol adam: “Seniň yzzatyňdan ant içýärin, şundan başga hiç zat dilemerin” diýip, Robbunyň isleýşi ýaly äht edip, söz berip başlar. Soňra Allah ony Jennetiň gapysyna alyp barar. Haçan-da, ol Jennetiň gapysyna baryp, onuň gözelligini we ajaýyplygyny, Jennetiň içindäki şadyýanlygy we keýp-sapany görende, ol adam Allahyň isledigi wagta çenli gürlemän dymyp duranyndan soňra, ýene-de: “Ýa Rob! Meni Jennete salaý-da” diýer. Allah Tagala oňa: “Waý seniň günüňe, eý, Adam ogly, sen nähili sözünde durmaýan kişisiň! Öňki beren zatlarymdan başga hiç bir zat dilemejekdigiňe äht edip, söz bermediňmi näme?” diýer. Ol hem: “Ýa Rob! Meni, ýaradan mahluklaryň içinde iň betbagty etmäý-dä!” diýer. Gudraty güýçli we Beýik Allah Tagala onuň bolşuna güler we Jennete girmegine rugsat berer we ol adama: “Islän zadyňy arzuw et” diýer. Ol adam hem kän-kän arzuwlar edip, ahyry arzuwlary gutarandan soň, Gudraty güýçli we Beýik Allah Tagala oňa: “Şulardan başga şuny-da al, munyda-al” diýip, Perwerdigäri oňa köp zatlary ýatladyp başlar. Iň soňunda bu arzuwlaryň hemmesini aýdyp gutaranyndan soň, Allah Tagala oňa: “Bularyň hemmesi we ýene şonça bir essesi hem seniňki bolsun” diýer.
Ebu Sa’yd El-Hudrynyň Ebu Hureýrä (Allah olardan razy bolsun) habar beren rowaýatynda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allah Tagala: “Bularyň hemmesi we ýene şonça on essesi seniňki bolsun” diýer” diýipdir.
"