Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem atdan ýykylyp, (sag tarapyny) sypjyrtdy. Biz Ony soramak üçin ýanyna girdik. Şol wagt hem namazyň wagty boldy. Ol oturyp namaz okady, biz hem oturdyk. (Sufýan bir gezek: “Biz hem oturyp namaz okadyk” diýip gürrüň beripdi). Namaz okap bolandan soň şeýle diýdi: “Elbetde, ymam oňa uýmak üçin bellenýändir. Ymam: “Allahu Akbär” diýse, siz hem “Allahu Akbär” diýiň. Rukuga gitse, siz hem rukug gidiň, başyny galdyrsa, siz hem galdyryň. Ymam: “Sämi’allahu limän hämidäh” diýen wagty, siz: “Robbänä wä läkäl-hämd” diýiň. Sejdä giden wagty, siz hem sejdä gidiň”.