"Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem başyny galdyranda: “Sami’allahu liman hamidah, Robbänä wä läkäl hamd” diýerdi-de, atlaryny tutup, bir topar adamlar üçin doga edip şeýle diýerdi: “Allahym! Welid ibn Welidi, Seleme ibn Hişami, ‘Aýýaş ibn Ebu Rabi’any hem-de kapyrlaryň elinde horluk çekip, güýçsiz we ejiz saýylýan beýleki mu’minleri halas et! Allahym! Mudar tiresine has beter azap ber, olaryň ýaşan bu ýyllaryny Yusup aleýhissalamyň azaply ýyllaryna meňzet!”
Şol döwürde Mudar tiresiniň gündogar tarapdaky bölegi Oňa garşy çykardy”.
"