"Ebu Bekr ibn Abdurrahman ibn El-Haris ibn Hişämyň we Ebu Seleme ibn Abdurrahmanyň habar bermeklerine görä, olar şeýle diýipdirler: “Ebu Hureýre hemişe, remezanda bolsun ýa-da başga aýlarda bolsun, parz namazlarda we beýleki ähli namazlarda, tekbir alardy.
Ol namaza duranda ilki tekbir alardy. Soňra rukuga gidende tekbir alardy. Soňra (rukugdan başyny galdyran wagty): “Sami’allahu liman hamidah” diýerdi. Soňra sejdä gitmezden öň “Robbänä wä läkäl hamd” diýerdi. Soňra sejdä giden wagty, “Allahu Akbär” diýip giderdi. Soňra sejdeden başyny galdyran wagty, tekbir alardy. Soňra ikinji sejdäni eden wagty hem tekbir alardy. Soňra sejdeden başyny galdyran wagty, ýene tekbir alardy. Şeýle hem, ikinji rekagatdan soň oturyp, ýerinden galan wagty hem tekbir alardy. Şeýdip, tä namaz okap bolýança, her rekagatda şu şekilde ederdi.
Soňra namaz okap bolandan soň: “Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, içiňizde Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň namazyna iň köp meňzeýän namaz meniň namazymdyr. Onuň okan namazy tä, şu dünýäni terk edýänçä, şu şekilde-di” diýip aýdardy”.
"