802

128-nji bap

802

128-nji bap

802

128-nji bap

"Ebu Kylabadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Mälik ibn El-Huweýris (Allah ondan razy bolsun) bize Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýşyny görkezerdi. Ol muny namaz wagtynda däl-de, başga bir wagt görkezerdi. Ol (bir gezek görkezmek üçin ýerinden) dik turup, aýak üstünde durdy. Soňra rukuga gitdi we (doly) ornaşýança, rukugda durdy. Soňra başyny galdyryp, azyrak gönelip durdy”. Ol bize edil şu şeýhimiz Ebu Bureýdiň namaz okaýşy ýaly namaz okap görkezdi. Ebu Bureýd, haçan-da, ikinji sejdeden başyny galdyrandan soň, (dik turmazdan öň) azrak oturyp, soňra ýerinden dik turardy”. "

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا حَمَّادُ بْنُ زَيْدٍ، عَنْ أَيُّوبَ، عَنْ أَبِي قِلاَبَةَ، قَالَ: كَانَ مَالِكُ بْنُ الحُوَيْرِثِ يُرِينَا كَيْفَ كَانَ صَلاَةُ النَّبِيِّ ﷺ، وَذَاكَ فِي غَيْرِ وَقْتِ صَلاَةٍ، «فَقَامَ فَأَمْكَنَ القِيَامَ، ثُمَّ رَكَعَ فَأَمْكَنَ الرُّكُوعَ، ثُمَّ رَفَعَ رَأْسَهُ فَأَنْصَبَ هُنَيَّةً»، قَالَ: فَصَلَّى بِنَا صَلاَةَ شَيْخِنَا هَذَا أَبِي بُرَيْدٍ، وَكَانَ أَبُو بُرَيْدٍ: «إِذَا رَفَعَ رَأْسَهُ مِنَ السَّجْدَةِ الآخِرَةِ اسْتَوَى قَاعِدًا، ثُمَّ نَهَضَ «.