Säbitden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Enes (ibn Mälik Allah ondan razy bolsun) bize Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýşyny taryp edip bererdi. Ol namaz okan wagty, rukugdan başyny galdyranyndan soň, şeýle bir uzak wagtlap durardy welin, biz hatda: “Sejdä barmagy unutdymyka” diýerdik”.