"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ensarylardan bir adam Kuba mesjidinde öz kowumyna ymam bolup namaz okap berer eken. Ol her gezek (“Elhemden” soň) sürelerden birini okajak bolanda, ilki bilen “Kulhuwallany” okap, ondan soň ýene başga bir süre okardy. Ol her rekagatda şeýle eden soň, ýoldaşlary oňa: “Sen şu süräni okaýarsyň, soňra muny ýeterlik görmän, ýene başga bir süre hem okaýarsyň. Ýa diňe bu süre bilen kanagatlan, ýa-da ony okaman, başga bir süre oka ” diýdiler. Ol hem: “Men muny asla terk etmeýän. Siz meniň şeýdip, ymam bolup bermegime razy bolsaňyz, men size ymam bolaryn. Islemeseňiz hem men sizi taşlap gidiberjek” diýdi. Ýöne olar bu adamy öz aralarynda iň gowy adamlaryň biri hasaplandyklary üçin başga biriniň özlerine ymam bolmagyny hem islemändirler.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olaryň ýanyna gelen wagty Oňa muny habar beripdirler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol adama: “Eý pylany, ýoldaşlaryň maslahatyna eýermäge saňa näme päsgel berýär? Saňa her rekagatda bu süräni okamaga itergi berýän zat näme?” diýip sorady. Ol adam: “Men bu süräni söýýärin” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol adama: “Oňa bolan söýgiň, seni Jennete saljakdyr” diýdi.
"