764

98-nji bap

764

98-nji bap

764

98-nji bap

Merwan ibn Hakamdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Zeýd ibn Säbit (Allah ondan razy bolsun) maňa şeýle diýdi: “Sen näme üçin hemişe agşam namazynda gysga sürelden okaýarsyň? Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agşam namazynda iň uzyn iki süräniň uzynyny okandygyny eşitdim” diýipdir”.

حَدَّثَنَا أَبُو عَاصِمٍ، عَنِ ابْنِ جُرَيْجٍ، عَنِ ابْنِ أَبِي مُلَيْكَةَ، عَنْ عُرْوَةَ بْنِ الزُّبَيْرِ، عَنْ مَرْوَانَ بْنِ الحَكَمِ، قَالَ: قَالَ لِي زَيْدُ بْنُ ثَابِتٍ: «مَا لَكَ تَقْرَأُ فِي المَغْرِبِ بِقِصَارٍ، وَقَدْ سَمِعْتُ النَّبِيَّ ﷺ يَقْرَأُ بِطُولَى الطُّولَيَيْنِ «.

Salgylanma:

• Iki uzyn süre hakynda alymlaryň arasynda dürli pikirler bardyr. Iň meşhur we dogrusy iki uzyn süreden maksat “Angam” we “Agraf” süreleri diýipdirler. Bularyň iň uzyny Agrafdyr.