754

94-nji bap

754

94-nji bap

754

94-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) musulmanlar ertir namazyny okap durkalar, birden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Aişanyň hüjresiniň tutusyny açyp, olara seredip duranyny gördüler. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem olaryň sap-sap bolup duruşlaryny görüp ýylgyryp, güldi. Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamak üçin çykjakdyr öýdüp, hatarda durmak üçin yz-yza süýşüp başlady. Musulmanlar (begençlerinden ýaňa) tas namazymyzy bozupdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara namazlaryňyzy tamamlaň diýip, yşarat edip, tutyny aşak goýberdi. Ine, şol günüň ahyrynda hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aradan çykdy”.

حَدَّثَنَا يَحْيَى بْنُ بُكَيْرٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا لَيْثُ بْنُ سَعْدٍ، عَنْ عُقَيْلٍ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، قَالَ: أَخْبَرَنِي أَنَسُ بْنُ مَالِكٍ، قَالَ: بَيْنَمَا المُسْلِمُونَ فِي صَلاَةِ الفَجْرِ لَمْ يَفْجَأْهُمْ إِلَّا رَسُولُ اللَّهِ ﷺ كَشَفَ سِتْرَ حُجْرَةِ عَائِشَةَ، فَنَظَرَ إِلَيْهِمْ وَهُمْ صُفُوفٌ، فَتَبَسَّمَ يَضْحَكُ، وَنَكَصَ أَبُو بَكْرٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ عَلَى عَقِبَيْهِ لِيَصِلَ لَهُ الصَّفَّ، فَظَنَّ أَنَّهُ يُرِيدُ الخُرُوجَ وَهَمَّ المُسْلِمُونَ أَنْ يَفْتَتِنُوا فِي صَلاَتِهِمْ، فَأَشَارَ إِلَيْهِمْ أَتِمُّوا صَلاَتَكُمْ، فَأَرْخَى السِّتْرَ وَتُوُفِّيَ مِنْ آخِرِ ذَلِكَ اليَوْمِ .