Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem nagyşlar bilen bezelen bir hamisada (eşikde) namaz okady. Namaz okap bolandan soňra: “Munuň nagyşlary Meniň ünsümi sowdy. Muny Ebu Jahma eltip beriň-de, deregine onuň /Anbijaniýa/ eşiklerinden birini getirip beriň” diýdi.
• Hamisa – nagyşlar bilen bezelen gymmat baha eşik, ýapynja, don
• Ebu Jahm ‘Ubeýdulla ibn Huzeýfe – şu eşigi sowgat beren, meşhur sahaba.
• Anbijaniýa – galyň ýüňden dokalan, hiç hili nagyşlary we bezegi bolmadyk eşik