"Ebu Bekriň gyzy Esmadan (Allah olardan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Kusuf namazyny okady. Ol kyýamda uzak wagtlap dik durdy, soň rukuga gidip, rukugyny esli uzaltdy. Soňra başyny galdyryp, uzak wagtlap kyýamda durdy. Soňra ýene rukuga gidip, uzak wagtlap rukugda durdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra ýene sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra dik turyp, uzak wagtlap kyýamda durdy.
Soňra rukuga gidip, rukugda uzak wagtlap durdy. Soňra başyny galdyryp, esli wagtlap kyýamda durdy. Soňra ýene rukuga gidip, rukugda uzak wagtlap durdy. Soňra (rukugdan) başyny galdyrdy. Soňra sejdä gidip, ony köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soň ýene sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra namazdan çykyp, şeýle diýdi:
“Jennet maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin, eger men het eden bolsam, Jennet salkymlarynyň birini alyp size getirip bilerdim. Jähennem hem maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin: “Eý, Robbum! (indi) Menem olar bilen bile bolmalymy?” diýiberdim. Şol ýerde bir aýaly gördüm. Ony bir pişik dyrnaçaklap durdy. Men: “Munuň näme günäsi bar?” diýip soradym. Olar: “ Bu aýal bu pişigi ölýänçä gulp astynda saklap, ne iýjegini berdi, ne-de özi iýer ýaly boşadyp goýberipdir” diýdiler.
Bu hadysy rowaýat eden Nafig: “(Hatda pişigi) ýer ýüzündäki mör-möjeklerden iýer ýaly hem goýbermändir)” diýdi.
"
“• Gün ýa-da Aý tutulan wagty okalýan namaza Kusuf namazy diýilýär.
• Kyýam – namazda dik durulýan wagt.
• Kusuf namazynyň aýratynlygy ol iki rekagat sünnet namazy bolup, onda iki rukug, iki kyýam (kyratlary bilen) we iki sejde bardyr. Kyýamda dik duran wagtyň, Kurany uzgrak okamalydyr. Ony Gün ýa-da Aý tutulandan soň, tä açylýança okamalydyr. • Mesjitde jemagat bilen okalsa, has gowudyr.
”